Eýrana degişli ýolagçy uçar adatdan daşary ýagdaýda gondy

Uçardaky ýolagçylaryň saglyk ýagdaýlarynyň gowudygy mälim edildi

1491871
Eýrana degişli ýolagçy uçar adatdan daşary ýagdaýda gondy

Eýranda Tähran-Kirmanşah uçar saparyny amala aşyrýan Meraj howaýollary kärhanasyna degişli ýolagçy uçar, tehniki näsazlyk sebäpli adatdan daşary ýagdaýda gonmaly boldy. 

Tasnim habarlar agentliginiň beren habaryna görä, Kirmanşah welaýatyna gitmek üçin ýurdyň paýtagty Tähran şäherinden uçan ýolagçy uçar, uçanyndan gysga wagt soň gidrawlik sistemasynda bolan tehniki näsazlyk sebäpli gyssagly ýagdaýda gonmaga mejbur boldy. 

Meraj howa ýollary kärhanasyna degişli "Airbus 320" kysymly ýolagçy uçar, ady agzalan tehniki näsazlyk sebäpli Mehrabad howa menziline adatdan daşary ýagdaýda gondy. 

Uçardaky ýolagçylaryň saglyk ýagdaýlarynyň gowudygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar