"Ysraýyl Maksadyna Ýetip Bilmez”

Yragyň ozalky Premýer ministri Nuri Al Maliki Eýrana bardy

1490662
"Ysraýyl Maksadyna Ýetip Bilmez”

Eýranyň Ýokary Milli Howpsyzlyk geňeşiniň baş sekretary Ali Şemhani, Ysraýylyň “parahatçylyk taslamasy” bilen Nil derýasyndan Ýefrat derýasyna çenli täsirini güýçlendirmegi maksat edinýändigini belledi

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Şemhani, paýtagt Tähranda saparda bolýan Yragyň ozalky Premýer ministri Nuri Al Maliki bilen duşuşdy.

Duşuşykda sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Birleşen Arap Emirlikleri bilen Bahreýniň Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin baglaşan şertnamasyna garşylyk görkezen Şemhani “ABŞ, Sionist ulgamyň ýagny Ysraýylyň howpsyzlygyny üpjün etmek we Arap ýurtlarynda täsirini güýçlendirmek üçin sebitde ýerleşýän ýurtlaryň täsirini azaldýar. Ysraýyl “parahatçylyk taslamasy” bilen Nil derýasyndan Ýefrat derýasyna çenli täsirini güýçlendirmegi maksat edinýär, emma maksadyna ýetip bilmez” diýdi.

Yragyň ozalky Premýer ministri Nuri Al Maliki hem Eýranyň terrora garşy göreşde uly rol oýnaýandygyny belledi.


Etiketkalar: #Yrak , #Ysraýyl , #Eýran

Degişli Habarlar