Germaniýa Yraga Goldaw Bermäge Dowam Eder

Heiko Maas, “Germaniýa, Yragyň hökümetine goldaw bermäge we öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmäge taýar” diýdi

1490753
Germaniýa Yraga Goldaw Bermäge Dowam Eder

 

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maas, “Germaniýa, Yragyň hökümetine goldaw bermäge we öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmäge taýar” diýdi.

Heiko Maas, paýtagt Berlinde Yragyň Daşary işler ministri Fuad Hüseýin bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Kärdeşi bilen sebitde başdan geçirilýän kynçylyklar we terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş hakynda pikir alyşandygyny aýdan Maas, terror guramasyna garşy halkara derejesinde üstünlikli ýagdaýda alnyp barylýan göreşe garamazdan DAIŞ-iň Yrak, Siriýa we Ýewropa üçin howply bolmagynda galýandygyny belledi.

Maas, “Terrora garşy bilelikdäki göreş diýseň möhüm. Germaniýa, Yragyň hökümetine goldaw bermäge we öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmäge taýar” diýip belledi.

Yragyň syýasy we ykdysady taýdan durnukly bolmagynyň diýseň möhümdigini bellan Maas, bu meselede Yragyň hökümetiniň kabul eden kanuny üýtetmelerinden hoşaldyklaryny ýatlatdy.

Yragyň Daşary işler ministri Fuad Hüseýin hem DAIŞ howpynyň henizem dowam edýändigine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar