Siriýanyň Milli goşunynyň düzümine ýene-de 1 müň esger goşuldy

Siriýanyň Milli goşuny Siriýanyň demirgazygynda Ýewfrat Galkany, Zeýtun Şahajygy we Parahatçylyk Çeşmesi operasiýalary bilen terrorçylardan saplanan sebitlere gözegçilik edýär

1488342
Siriýanyň Milli goşunynyň düzümine ýene-de 1 müň esger goşuldy

Siriýanyň Milli goşunyna degişli Hamza Tümeni ýöriteleşdirilen güýçleri, Ýewfrat Galkany operasiýasy sebitinde harby tälimlerini üstünlikli ýagdaýda tamamlan ýene-de 1 müň esgeriň hataryna goşulandygyny habar berdi. 

Hamza Tümeni ýöriteleşdirilen güýçleri, Ýewfrat Galkany operasiýasy sebitindäki Bab etrabynyň Bzaa etrapçasynda 6 aýlyk harby tälimlerini tamamlan täze 1 müň agzasy üçin uçurym we kasam edilşik dabarasyny geçirdi. 

Dabara Siriýanyň wagtlaýyn hökümetiniň başlygy Abdurrahman Mustafa, Siriýanyň wagtlaýyn hökümetiniň Goranmak ministri we Baş ştabynyň başlygy Selim Idris we sebitiň halky gatnaşdy. 

Harby ýörişden soň Hamza Tümeni ýöriteleşdirilen güýçleri tarapyndan görkezilen taýarlyklar gelen myhmanlar tarapyndan uly gyzyklanma bilen tomaşa edildi. 

Hamza Tümeni ýöriteleşdirilen güýçleriniň hataryna goşulan esgerler, ýurdyň demirgazygynda terrorçylardan saplanan sebitlerde iş alyp barar. 

Siriýanyň Milli goşuny Siriýanyň demirgazygynda Ýewfrat Galkany, Zeýtun Şahajygy we Parahatçylyk Çeşmesi operasiýalary bilen terrorçylardan saplanan sebitlere gözegçilik edýär. 



Degişli Habarlar