“Belarus Dargasa Russiýa Dargar”

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko protest aksiýalarynyň telegram ýaýlymlary arkaly gönükdirilýändigini beýan etdi

1487375
“Belarus Dargasa Russiýa Dargar”

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýurdunda prezident saýlawyndan soň geçirilýän protest aksiýalarynyň sosial media ulgamlaryndan biriniň üsti bilen utgaşdyrylýandygyny baýan edip: “Eger şu gün Belarus dargasa, soň Russiýa dargar” diýdi.

Lukaşenko käbir rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren interwýusynda protestler sebäpli ýurtda ýüze çykan syýasy şertler hakynda garaýyşlaryny beýan etdi.

Saýlawyň netijelerine garşy protestlerin sosia media arkaly utgaşdyrylýandygyny gürrüň beren Lukaşenko, bu usulyýete Russiýanyň hem garşy durup bilmejekdigini aýtdy.

Mesele boýunça köp sanly döwlet ýolbaşçysy bilen pikir alyşandygyny aýdan Lukaşenko, Russiýanyň Prezident Wladimir Putine hem şol usula garşy durup bilmejekdigini beýan edendigini aýtdy.

Lukaşenko: “Telegram ýaýlymlaryna garşy nähili göreşýäňiz? Şol kanallary ýapma ukybyňyz barmy? Hiç kim şol kanallaryň öňünde durup bilnez, hat-da şol ulgamy döredeniň özem” diýdi.

Telegram tilsimatyndaky käbir ýaýlymlaryn ptotestleriň guralmagynda esasy roly oýnaýandygyny nygtan Lukaşenko, şol usuly ABŞ-nyň meýilleşdirendigini we indi Belarusyň ony iş ýüzüne geçirip, hötdesinden gelendigini öňe sürdi. İnterneti kesmegin peýdasynyn bolmajakdygyny nygtan Lukaşenko, sebäbi Polşadan gönükdirilýän şol kanallaryn ýene-de ýapylyp bilinmejekdigini aýtdy.

Russiýada hem golaýda duýdansyz syýasy wakalary başdan geçirjekdigini öňe süren Lukaşenko: Rus hâkimiýeti bilen bilelikde näme netijä geldik, bilýäňizmi? Eger şu gün Belarus dargasa, yzyndan Russiýa hem dargar” diýdi.

 



Degişli Habarlar