“ABŞ Eýrany Ýykmagyň Kül-Külünde”

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani ABŞ-nyň uzak ýyllardan bäri Eýranyň dolanşyk ulgamyny ýykmagyň ugrundadygyny aýtdy

1486583
“ABŞ Eýrany Ýykmagyň Kül-Külünde”

Eýranyň Prezidentiniň Diwanyndan berilen beýannama görä resmi sapar bilen Tähranda bolýan Şweýsariýanyň Daşary işler ministri İgnazio Kassisi kabul eden Ruhani, ABŞ-nyň sanksiýalaryny tankyt etdi.

ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çekilip we BMG-niň2231 belgili kararyna äsgermezçilik edip, 2,5 ýyldan bäri Eýrany dargatmak üçin sanksiýa goýup gelýändigini öňe süren Ruhani, döwletara gatnaşyklarda halkara şertnamalaryň we BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň kararlarynyň esas emele getirýändigini aýtdy.

Eýranyň halkara şertnamalara we köptaraply ylalaşyklary dowam etdirjekdigini aýdan Ruhani: “ABŞ uzak ýyllardan bäri Eýranyň dolanşyk ulgamyny ýykmagyň ugrunda. Hormatly Tramp bu meselede ýalňyş hasap düzdi. Basyşlar we ykdysady söweşler bilen Eýranyň dolanşyk ulgamyny 3 aýyň dowamynda ýykaryn öýtdi. ABŞ, ýalňyşyndan el çekip, bikanun başlangyçlarynyň öwezini dolsa we ýadro ylalaşygyna dolanyp gelen halatynda, oňa ýol açylar” diýdi.

Şweýsariýanyň Daşary işler ministri Kassis bolsa ABŞ-nyň sanksiýalarynyň ýetirýän zyýanyny bilýändiklerini we döreden maliýe ulgamlarynyň şol meseläni ortadan aýyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar