“Türk Işeňňirligi we Arzuwy Täsir Galdyryjy”

Oleg Uruskiý öz ýaragyny öndürmekde türk işeňňirliginiň we arzuwynyň täsir galdyryjydygyny beýan etdi

1484161
“Türk Işeňňirligi we Arzuwy Täsir Galdyryjy”

Ukrainanyň Premýer ministriniň orunbasary Oleg Uruskiý öz ýaragyny öndürmekde türk işeňňirliginiň we arzuwynyň täsir galdyryjydygyny beýan etdi

Uruskiý Ukrainanyň habarlar gullugy “Ukrinforma” beren beýannamasynda Türkiýäniň senagat önümçiliginin 15 ýyl ozalkysy bilen deňeşdirilende iňňan uly ösüş edendigini aýtdy.

“Görelde alara köp zat bar. Türjiýede goranyş senagaty döwlet we hususy eýeçilik deň hukuklara we şertlere eýe bolan pudak” diýen Uruskiý, öz ýaragyny öndürmekde türk işeňňirliginiň we arzuwynyň täsir galdyryjydygyna ünsleri çekdi.

Türkiýäniň öz uçarmansyz howa ulaglaryny, dik uçarlaryny öndürýändigini ýatladan Uruskiý, onun türk ýolbaşçylarynyň kollektiw strategik garaýyşynyň netijesidigini nygtady.

Uruskiý döwletleriň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ilkinji ädimleriniň hereketlendirijileriň, uçarlaryň, sowutly ulaglaryň, raketalaryň, elektronik söweş enjamlarynyň öndürilmegi ugurlarynda edilip bilinjekdigini aýtdy.

Uruskiýniň ýolbaşçylygyndaky ukrain wekiliýeti geçen hepde Türkiýä 3 günlük resmi sapar gurapdy.



Degişli Habarlar