BMG, Türkiýe Bilen Gresiýanyň Arasyndaky Dartgynlyga Alada Bildirýär

BMG, ürkiýe bilen Gresiýa “dialog” çagyryşyny berdi

1481087
BMG, Türkiýe Bilen Gresiýanyň Arasyndaky Dartgynlyga Alada Bildirýär

 

BMG, Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän dartgynlygyň gowşamagy üçin Türkiýe bilen Gresiýa “dialog” çagyryşyny berdi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stefan Dužarriç, gündelik metbugat ýygnagynda, Gündogar Ortaýer deňizinde Gresiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky dartgynlyga “alada” bildirýändiklerini aýtdy.

Meseläniň “parahatçylykly” ýagdaýda çözülmeginiň BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş üçin “möhümdigini” nygtan Dužarriç, Türkiýe bilen Gresiýa” dialog” çagyryşyny berdi.

Dužarriç, Baş sekretaryň dartgynlygyň gowşamagy üçin edilýän diplomatik tagallalara goldaw berýändigini ýatlatdy.


Etiketkalar: #alada bildirmek , #BMG , #dialog

Degişli Habarlar