Yaponiýada Kovid -19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 müň 209 adama ýetdi

Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 63 müň 822 adamdan geçdi

1480185
Yaponiýada Kovid -19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 müň 209 adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 830 müň 197 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 24 million 359 müň 545 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 16 million 893 müň 460 adama ýetdi. 

Yaponiýada Kovid -19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 müň 209 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 63 müň 822 adamdan geçdi. Ýaponiýanyň Kovid -19 epidemiýasy sebäpli syýahatçylyk gadagançylygyny girizen ýurtlarynyň sany 159-a ýetdi. Kovid -19 sebäpli syýahat etmegi gadagan edilýän ýurtlaryň sanawyna ýene-de 13 ýurt goşuldy. Syýahatçylyk gadagançylygy girizilen ýurtlaryň sanawyna Butan, Trinidad, Tobago, Beliz, Efiopiýa, Gambiýa, Zambiýa, Zimbabwe, Tunis, Nigeriýa, Malawi, Günorta Sudan, Ruanda, Lesoto ýaly ýurtlar bar. Beýleki tarapdan bolsa, Hytaý, Günorta Koreýa, ABŞ, Russiýa we Ýewropanyň ençeme ýurdy bilen birlikde dünýäniň 129 ýurdunyň raýatlary Ýaponiýa girmegi gadagan, şol ýurtlaryň ýolagçylary Ýaponiýa kabul edilmeýär. 

Kovid-19 epidemiýasynyň iň köp zyýan ýetiren ýurtlarynyň hatarynda 3-nji orunda bolan Hindistanda adam ýitgisi 60 müň 652-ä ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 3 million 314 müň 953 adama ýetdi. 

Russiýada Kovid -19 pandemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 16 müň 804 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 975 müň 576 adama ýetdi. 

Eýranda Kovid -19 sebäpli ýogalanlaryň sany 21 müň 137 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 367 müň 796 adama ýetdi. 

Günorta Afrika Respublikasynda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 13 müň 502 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 615 müň 701 adama ýetdi. 

Täze görnüş koronawirus epidemiýasynda soňky 24 sagatda Hytaýda 8 adam, Günorta Koreýada bolsa 441 adama wirus ýokandygy anyklandy. 

 



Degişli Habarlar