Maýk Pompeo BAE we Ysraýyla sapar gurar

Donald Tramp 13-nji awgustda Ysraýyl bilen BAE-niň gatnaşyklaryny dolulygyna kadalaşdyrmak üçin ylalaşyga gelendiklerini habar beripdi

1477470
Maýk Pompeo BAE we Ysraýyla sapar gurar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň, diplomatik gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin ylalaşyga gelen Ysraýyla we BAE sapar gurajakdygy mälim edildi. 

Ysraýylyň metbugatyna berilen habarlarda, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň ertir Ysraýyla sapar gurajakdygy, sişenbe güni bolsa BAE sapar gurajakdygy aýan edildi. 

Maýk Pompeonyň saparynda Ysraýyl bilen BAE-niň arasynda baglaşylan gatnaşyklaryň kadalaşmagy bilen bagly ylalaşyk bilen birlikde Hytaýyň we Eýranyň sebitde alyp barýan işleriniň gün tertibe getiriljekdigi mälim edildi. 

Maýk Pompeonyň saparyna ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň maslahatçysy we giýewisi Džared Kuşner bilen ABŞ-nyň Milli Howpsuzlyk maslahatçysy Rober Obraýeniň ýoldaşlyk etjekdigi beýan edildi. 

Donald Tramp 13-nji awgustda Ysraýyl bilen BAE-niň gatnaşyklaryny dolulygyna kadalaşdyrmak üçin ylalaşyga gelendiklerini habar beripdi. 

BAE 1979-njy ýylda Müsürden, 1994-nji ýylda Iordaniýadan soň Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin ylalaşyk baglaşan 3-nji Arap ýurdy boldy. 

 



Degişli Habarlar