Koronawirus epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp abandyrmaga dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 15 million  910 müň adamdan geçdi

1477506
Koronawirus epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp abandyrmaga dowam edýär

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 808 müň 715 adamdan, wirus ýokanlaryň sany 23 million 383 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 15 million  910 müň adamdan geçdi. 

Kovid-19-a ýoluganlaryň sany boýunça dünýäde 3-nji orunda durýan Hindistanda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 56 müň 846 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 3 million 44 müň adama ýetdi. 

16 müň 310 adamyň Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalan Russiýada wirus ýokanlaryň sany 951 müň 897 adama ýetdi. 

Eýranda täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 126 adam artyp, 20 müň 502 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 2 müň 28 adam artyp, 356 müň 792 adamdan geçdi. 



Degişli Habarlar