Malide müňlerçe adam oppozisionerleriň çagyryşy bilen meýdanlara çykdy

Müňlerçe adam Keitanyň agdarylmagyny gutlamak we JNSP-ä minnetdarlyk bildirmek üçin Garaşsyzlyk meýdanyny doldurdy

1477223
Malide müňlerçe adam oppozisionerleriň çagyryşy bilen meýdanlara çykdy

 

Malide müňlerçe adam oppozisionerleriň çagyryşy bilen meýdanlara çykdy

Malide Prezident Ibrahim Boubajar Keitanyň harby agdarlyşyk bilen wezipesinden çetleşdirilmeginden soň müňlerçe adam oppozisionerleriň çagyryşy bilen meýdanlara çykdy.

Paýtagtda geçirlen ýörişde müňlerçe adam Keitanyň agdarylmagyny gutlamak we Halkyň Halas boluşy milli komitetine JNSP-ä minnetdarlyk bildirmek üçin Garaşsyzlyk meýdanyny doldurdy.

Ýörişe harby hunta JNSP-nyň ýolbaşçylary hem gatnaşdy.

JNSP-nyň metbugat geňeşçilerinden Ismael Wague ýörişde eden çykyşynda halka sagbolsun aýtdy we “Siziň göreşiňizi tamamladyk” diýdi.

 



Degişli Habarlar