ABŞ, Siriýanyň hökümetiniň käbir agzalaryna sanksiýa goýdy

ABŞ, 17-nji iýunda hem Başar Asad we aýaly bilen birlikde siriýaly ýokary derejeli 39 adama sanksiýa goýupdy

1476644
ABŞ, Siriýanyň hökümetiniň käbir agzalaryna sanksiýa goýdy

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Siriýanyň hökümetiniň käbir ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň sanksiýa sanawyna alynandygyny mälim etdi.

Maýk Pompeo beren ýazmaça beýanatynda, Siriýada dowam edýän çaknyşyklaryň jogapkäriniň Siriýanyň hökümetidigini nygtady.

4 ýyl ozal şu gün guralan himiki hüjümde Gündogar Gutada asuda ilatdan 1400-den gowrak adamyň ýogalandygyny ýatladan Pompeo “Şol wagşyçylygyň gurbanlarynyň hormatyna ABŞ, Siriýada Asada tabynlykdaky güýçlere harby we maliýe taýdan goldaw berýänlere 6 täze sanksiýa goýdy” diýdi.

Şol çäkde “Asadyň sag eli” hökmünde bilinýän Ýasir Ibrahimiň ABŞ-nyň sanksiýa sanawyna alynandygyny nygtan Pompeo, şol adamyň Asadyň baýamagynda uly rol oýnaýandygyny belledi.

Pompeo, Asadyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden jogapkär kömekçisi Luna Al Şibs, Baas partiýasynyň ýolbaşçysy Muhammed Amr Saati, Siriýanyň ýaragly güýçleriniň serkerdelerinden Fadi Sagr, Gaith Dalah we Samer Ismailiň hem sanksiýa sanawyna alynandygyny nygtady.

ABŞ, 17-nji iýunda hem Başar Asad we aýaly bilen birlikde siriýaly ýokary derejeli 39 adama sanksiýa goýupdy.



Degişli Habarlar