Liwiýanyň Premýer ministri, harby operasiýalaryň gyssagly bes edilmegi üçin görkezme berdi
Serraj, Sirtäniň we Jufranyň ýaragdan saplanan zolaga öwrülmelidigini belledi
Liwiýanyň Premýer ministri Faýiz As Serraj, ýurdundaky harby toparlara harby operasiýalaryň gyssagly bes edilmegi üçin görkezme berdi.
Liwiýanyň hökümetinden berlen ýazmaça beýanata görä, Premýer ministr Serraj “milli we syýasy jogapkärçiligiň, ýurduň we sebitiň başdan geçirýän wakalary we täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýurtdaky ähli harby toparlara hüjümleriň we harby operasiýalaryň gyssagly bes edilmegi üçin görkezme berdi” diýildi.
Serraj, Sirtäniň we Jufranyň ýaragdan saplanan zolaga öwrülmelidigini belledi.
Liwiýanyň Premýer ministri Liwiýanyň özbaşdaklygy üçin daşary ýurtly we hakyna tutma esgerleriň ýurtdan çykarylmagyny maksat edinýändiklerine ünsi çekdi.
Liwiýanyň Premýer ministri ýurtda nebit önümçiliginiň ýaňadandan başlamalydygyny nygtady.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.