Owganystanda Taliban tarapyndan guralan ýaragly hüjümde oba 13 sakçysy bilen 1 esger ýogaldy

Taliban tarapyndan mesele hakynda heniz hiç hili beýanat berilmedi

1476035
Owganystanda Taliban tarapyndan guralan ýaragly hüjümde oba 13 sakçysy bilen 1 esger ýogaldy

 

Owganystanyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Tahar welaýatynyň Hoja Bahaddin etrabynda sakçylara garşy Taliban tarapyndan guralan ýaragly hüjümde oba 13 sakçysy bilen 1 esger ýogaldy.

Tahar welaýatynyň Içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Halil Esir, Talibanly başbozarlaryň Hoja Bahaddin etrabynyň Lala Guzer obasyndaki sakçylara garşy ýaragly hüjüm gurandygyny aýtdy.

Hüjümde oba 13 sakçysy bilen 1 esgeriň ýogalandygyny aýdan Esir, 4 howpsyzlyk gullukçysynyň hem ýaralanandygyny belledi.

Esir, hüjümden soň bolan çaknyşykda Talibanyň hem ýitgi çekendigini aýtdy.

Taliban tarapyndan mesele hakynda heniz hiç hili beýanat berilmedi.



Degişli Habarlar