Hytaýda iki gämi çakyşdy

Wakada 14 adam dereksiz ýitdi

1476434
Hytaýda iki gämi çakyşdy

Hytaýyň Şanhaý şäherinden geçýän Ýansyzy derýasynda iki gämi çakyşdy.

Wakada 14 adamyň dereksiz ýitendigi habar berildi. 

Merkezi Pekin şäherinde ýerleşýän Global Times saýtynyň berýän habaryna görä, 3 müň tonna benzin daşaýan nebit tankeri, Ýansyzy derýasynyň başynda uly ýük gämisi bilen çakyşdy. 

Wakada nebit tankeriniň palubasynda ýangyn ýüze çykdy, ýük gämisi bolsa batdy. 

Gözleg we halas ediş toparlary gämilerdäki jemi 17 adamlyk ekipažyň 3-sini halas eden hem bolsalar, 14 adam entek tapylmady. 


Etiketkalar: #derýa , #benzin , #gämi , #Hytaý

Degişli Habarlar