ÝB Geňeşiniň başlygy Mişel, Putin bilen Belarussiýadaky hadysalary maslahatlaşdy

Telefon söhbetdeşliginde dialogyň üpjün edilmegi üçin ÝHHG-dan kömek alynyp bilinjekdigi bellenip, taraplaryň aragatnaşyk içinde boljakdyklary beýan edildi

1475181
ÝB Geňeşiniň başlygy Mişel, Putin bilen Belarussiýadaky hadysalary maslahatlaşdy

ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Belarussiýadaky hadysalary ara alyp maslahatlaşdy. 

ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel, sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Belarussiýadaky krizisi çözmegiň ýeke täk ýoly parahatçylykly we giňişleýin dialogdan geçýär" diýip belledi. 

Putin bilen Belarussiýadaky hadysalary maslahatlaşandyklaryny aýdan Mişel, beýanatynda şol bir wagtda Belarussiýadaky hadysalary maslahatlaşmak üçin nobatdan daşary ÝB Liderler maslahatynyň geçiriljekdigini habar berdi. 

ÝB resmilerinden alynan maglumata görä, takmynan 30 minut dowam eden telefon söhbetdeşliginde, ÝB-nyň Belarussiýada geçirilen saýlawlardaky bidüzgünçilikleriň we ulanylan aşa güýjiň üstünde durulyp geçildi. 

Telefon söhbetdeşliginde dialogyň üpjün edilmegi üçin ÝHHG-dan kömek alynyp bilinjekdigi bellenip, taraplaryň aragatnaşyk içinde boljakdyklary beýan edildi. 



Degişli Habarlar