BAE-niň we Ysraýylyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Tramp, 13-nji awgustda penşenbe güni Ysraýyl bilen BAE-niň gatnaşyklary dolulygyna kadalaşdyrmak üçin ylalaşyk gazanandyklaryny habar beripdi

1474021
BAE-niň we Ysraýylyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

BAE-niň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdullah bin Zaýid Al Nahaýan bilen Ysraýylyň Daşary işler ministri Gabi Aşkenaziniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. 

Iki ýurdyň arasynda 13-nji awgustda gol çekişilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy bilen bagly şertnamadan soň, ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň arasynda ilkinji telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. 

BAE-niň WAM habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Daşary işler ministrleri telefon söhbetdeşliginde, gazanylan ylalaşyk mynasybetli biri-birlerini gutladylar. 

Iki ministr sebitleýin parahatçylygyň we galkynyşyň üpjün edilmegi üçin ady agzalan ylalaşygyň durmuşa geçirilmeginde tutanýerlidiklerini bellediler. 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, 13-nji awgustda penşenbe güni Ysraýyl bilen BAE-niň gatnaşyklary dolulygyna kadalaşdyrmak üçin ylalaşyk gazanandyklaryny habar beripdi. 



Degişli Habarlar