Ysraýyl Gaza howa hüjümlerini gurady
Ysraýylyň harby uçarlary Gazada biri-birinden tapawutly ýerlere howa hüjümlerini gurady
Ysraýylyň goşunynyň twitter hasabyndan berilen beýanatda, Gazanyň günortasynda Hamas guramasyna degişli ýerlere howa hüjümleriniň guralandygy habar berildi.
Beýanatda hüjümlerde raketalaryň saklanýan ammarlaryň biriniň nyşana alynandygy öňe sürüldi.
Resmi Tel-Awiw palestinaly aktiwistleriň Gazanyň töweregindäki jöhit ýaşaýyş ýerlerine ýanýan batberekleriň we geliý gazy bilen doldurylan şarlaryň uçurylmagy sebäpli sebitde ýangynyň ýüze çykýandygyny öňe sürýär.
Gazadan gelýändigi bellenen ýanýan batbereklere we geliý gazy bilen doldurylan şarlara çäre tapyp bilmeýän Ysraýylyň goşuny, bu ýanýan batberekleriň we geliý gazy bilen doldurylan şarlaryň taýarlanýan ýerlerdigini öňe sürýän sebitlere ýygy-ygydan howa hüjümlerini guraýar.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.