Koronawirus sebäpli dünýä derejesinde ýogalanlaryň sany 738 müň 965 adama ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 13 million 189 müň 392 adama ýetdi

1470753
Koronawirus sebäpli dünýä derejesinde ýogalanlaryň sany 738 müň 965 adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 738 müň 965 adama, wirus ýokanlaryň sany 20 million 258 müň 243 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 13 million 189 müň 392 adama ýetdi. 

Epidemiýanyň güýç merkezi bolan ABŞ-da ýogalanlaryň sany 166 müň 192 adama, wirusa ýokanlaryň sany bolsa 5 million 251 müň 446 adama ýetdi. 

Koronawirusyň Günorta Amerika materigindäki güýç merkezi bolan Braziliýada, soňky 24 sagatda ýene-de 703 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 101 müň 752-ä, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 22 müň 48 adam artyp, 3 million 57 müň 470 adama ýetdi.  

Meksikada soňky 24 sagatda Kovid-19 sebäpli adam ýitgisi 705 adam artyp, jemi 53 müň 3 adama ýeten bolsa, wirusa ýoluganlaryň sany 5 müň 558 adam artyp, 485 müň 836 adama ýetdi. 

Epidemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada, koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 46 müň 526 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 311 müň 641 adama ýetdi. 

Italiýada Kovid-19 epidemiýasy sebäpli 35 müň 209 adam ýogaldy, 250 müň 825 adam bolsa hasaba alyndy. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli Fransiýada 30 müň 340 adam, germaniýada bolsa 9 müň 265 adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar