Pakistanda eýýäm 3 gün bäri dowam edýän sil apatynda azyndan 57 adam ýogaldy

Pakistanda eýýäm 3 gün bäri dowam edýän muson ýagyşlary sebäpli emele gelýän sil apatlarynda azyndan 57 adam ýogaldy

1469761
Pakistanda eýýäm 3 gün bäri dowam edýän sil apatynda azyndan 57 adam ýogaldy

Pakistanyň Milli Apat dolanşyk agentliginden berilen beýanatda, sil apaty sebäpli ýurdyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Haýber Pahtunhwa welaýatynda 19 adamyň, Sindh welaýatynda 12 adamyň, Penjap welaýatynda 8 adamyň we Gilgit-Baltistan sebitinde bolsa ýene-de 10 adamyň ýogalandygy mälim edildi. 

Ýurdyň metbugatynda berilen habara görä, Belujistan welaýatynda täsirli bolan sil apatynda bolsa azyndan 8 adam ýogaldy. 

Sinh we belijistan sebitlerinde aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli köp sanda öýe zeper ýetdi. 

Meteorologiýa gullugynyň resmileri, ýagyşlaryň bu hepde hem dowam etmegine garaşylýandygyny habar berdiler. 

 


Etiketkalar: #sil apaty , #Pakistan

Degişli Habarlar