Koronawirus epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp ýetirmäge dowam edýär

Koronawirusdan soň saglyk ýagdýay gowulaşanlaryň sany 12 million 725 müň adama ýetdi

1469579
Koronawirus epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp ýetirmäge dowam edýär

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany dünýä derejesinde 729 müň 653 adama, wirus ýokanlaryň sany 19 million 811 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 12 million 725 müň adama ýetdi. 

Epidemiýanyň iň köp zyýan ýetiren ýurdy bolan ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 165 müň 70 adamdan, wirus ýokanlaryň sany bolsa 5 million 149 müň adamdan geçdi. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Kovid-19 bilen bagly berilýän ýardamlaryň çäginde talyplaryň kreditleri, işsiz adamlara kömek, salgytlar we öý eýeleriniň kireýine oturanlary öýden çykarmazlygy bilen baglanşykly 4 aýry kararnama gol çekdi. 

Epdemiýanyň Günorta Amerikadaky güýç merkezi bolan Braziliýada, wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 100 müň 543 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 3 million 13 müň adamdan geçdi. 

Meksikada soňky 24 sagatda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 695 adam artyp, 52 müň 6 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 475 müň 902 adama ýetdi. 

Jemi 22 adamyň koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan Täze Zelandiýada, soňky gezek hasaba alynan 1-nji maýdan bäri geçirilen testlerde Kovid-19-a ýolugan adam hasaba alynmady. 



Degişli Habarlar