Owganystanda ýaragly we bombaly hüjümler guraldy

Owganystanda guralan ýaragly we bombaly hüjümlerde 8 adam ýogaldy

1467758
Owganystanda ýaragly we bombaly hüjümler guraldy

Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatynda, Talibana agza terrorçylaryň guran ýaragly we bombaly hüjüminde 1-i asuda ilatdan we 7-si howpsuzlyk güýçlerinden bolmak bilen jemi 8 adam ýogaldy. 

Balh welaýatynyň Içeri işler edarasynyň metbugat geňeşçisi Adylşah Adyl beren beýanatynda, Talibana agza terrorçylaryň Balh welaýatyhnyň Balh etrabynyň Alem Hil diýilen ýerinde ýoluň gyrasyna ýerleşdiren bombany, howpsuzlyk güýçlerini daşaýan sowutly ulagyň şol ýerden geçýän mahaly partlatmagyndan soň ýaragly hüjüm gurandyklaryny habar berdi. 

Hüjümlerde 7 howpsuzlyk güýçlerinden we 1-i asuda ilatdan bolmak bilen jemi 8 adamyň ýogalandygyny aýdan Adyl, asuda ilatdan 6 adamyň bolsa ýaralanandygyny we ýüze çykan çaknyşykda başbozarlaryň hem ýitgi çekendigini mälim etdi. 

Taliban tarapyndan bolsa waka bilen bagly entek beýanat berilmedi. 


Etiketkalar: #Taliban , #Balh , #Owganystan

Degişli Habarlar