Liwandaky partlamada ýogalan adamlaryň sany 135-e ýetdi

Liwandaky Beýrut portynda 2 gün ozal bolan partlamada ýogalanlaryň sany 135 ýetdi

1467768
Liwandaky partlamada ýogalan adamlaryň sany 135-e ýetdi

Liwanyň Saglygy goraýyş ministri Hamad Hasan: "Beýrut portynda bolan partlamada ýogalan adamlaryň sany 135-e, mundan başgada 5 müň golaý ýaralanan adam bar we harabalyklaryň aşagynda galan onlarça adam bar" diýip belledi. 

Beýleki tarapdan Liwanyň Ykdysadyýet we Söwda ministri Raul Name, partlamadan soň ýurtda un we çörek gytçylygynyň boljakdygy baradaky öňe sürmeler barada: "Bazardaky un mukdarynyň entek uzak wagta ýetjekdigine göz ýetirdik. Un we çörek krizisi ýok" diýip nygtady. 

Liwanyň paýtagty Beýrut şäherindäki portda bolan partlama sebäpli, Ýokary Goranyş geňeşi Beýrudy apat zolagy hökmünde yglan etdi. 


Etiketkalar: #partlama , #port , #Beýrut , #Liwan

Degişli Habarlar