Liwiýada çaga söweşijilerden käbiri boşadyldy

Haftaryň hatarynda söweşýärkä tussag edilen çagalardan käbiriniň boşadyldy

1464348
Liwiýada çaga söweşijilerden käbiri boşadyldy

 

Liwiýanyň ýaragly güýçleri, ýurduň gündogaryndaky illegal ýaragly güýçleriň lideri Haftaryň hatarynda söweşýärkä tussag edilen çagalardan käbiriniň boşadylandygyny mälim etdi.

Liwiýanyň hökümeti tarapyndan berlen beýanatda, ýurduň gündogaryndaky illegal ýaragly güýçleriň lideri Haftar üçin söweşýärkä tussag edilen 18 ýaşyna ýetmedik çagalaryň käbiriniň boşadylandygy nygtaldy.

Beýanatda boşadylan çagalaryň sany hakynda maglumat berilmedi.

Liwiýanyň hökümeti, Haftara tabynlykdaky güýçleri Tripola guran hüjümlerinde “çaga söweşijileri” ulanmak bilen günäkärleýär.

Haftaryň, paýtagt Tripolini ele geçirmek üçin 2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde beren hüjüm görkezmesinden soň, Liwiýanyň goşuny hem Haftara garşy operasiýa başladypdy.

Liwiýada halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hökümet bilen Haftara tabynlykdaky ýaragly güýçleriň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýär.



Degişli Habarlar