Dünýäde Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 16 million 899 müň 700 adamdan geçdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 10 million 462 müň 852 adamdan geçdi

1463795
Dünýäde Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 16 million 899 müň 700 adamdan geçdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 663 müň 541 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 16 million 899 müň 700 adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 10 million 462 müň 852 adamdan geçdi.

Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 768 adamyň ýogalmagy bilen ýurtda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 34 müň 193 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 48 müň 513 adam artyp, 1 million 531 müň 669 adama ýetdi.

Russiýada şu günki güne çenli Kovid-19 sebäpli adam ýitgisi 13 müň 504-e, koronawirus ýokanlaryň sany bolsa 823 müň 515 adama ýetendigi habar berildi.  

Şu günki güne çenli 16 müň 147 adamyň ýogalan Eýranda, jemi 296 müň 273 adama wirus ýokdy. 

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, täze görnüş koronawirusa ýolugandygyny we Kovid-19 hötdesinden gelendigini habar berdi. Belarussiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanata görä, soňky 24 sagatda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 5 adamyň ýoga;andygyny, şeýlelik bilen ýurtdaky adam ýitgisiniň 543-e ýetendigi aýan edildi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 115 adam artyp, 67 müň 366 adama ýetdi.

Ysraýylda soňky 24 sagatda Kovid-19 bilen kesellän ýene-de 12 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 486-a, wirus ýokanlaryň sany bolsa 3 müň 165 adam artyp, 65 müň 791 adama ýetdi.

Afrika materiginde soňky 24 sagatda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 322 adam artyp, 18 müň 540 adama ýetdi. Materikde wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 13 müň 499 adam artyp, 877 müň 593 adama ýetdi. 

Şu günki güne çenli koronawirus pandemiýasy sebäpli 4 müň 634 adamyň ýogalan Hytaýda, ýene-de 101 adama wirus ýokmagy bilen koronawirusa ýoluganlaryň sany 84 müň 60 adama ýetdi. 

Wirus sebäpli şu günki güne çenli 300 adamyň ýogalan Günorta Koreýada soňky 48 sagatda Kovid-19-a ýolugan adam hasaba alynmady. Ýurtda koronawirus epidemiýasyna şu günki güne çenli 14 müň 251 adam ýolugypdy. 



Degişli Habarlar