"Eýranda koronawirusa garşy göreşde 2-nji tolkun başdan geçirilýär"

“Halk, wirusyň täsiri azalandyr öýtdi. Toýdyr jynazalar sebäpli wirusa ýoluganlaryň sany köpeldi”

1460892
"Eýranda koronawirusa garşy göreşde 2-nji tolkun başdan geçirilýär"

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 634 müň 636, wirusy ýeňenleriň sany 9 million 470 müň, wirusa ýoluganlaryň sany 15 million 603 müň adama ýetdi.

Yrakda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 80 adam artyp 4 müň 122, wirusa ýoluganlaryň sany soňky 24 sagatda 2 müň 361 adam artyp 102 müň 226 adama ýetdi. Yragyň Garaşsyz ýokary adam hukukary komisarlygy täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýurtda “uly betbagtçylygyň” başdan geçirlip bilinjekdigi barada duýduryş berdi.

Eýranda epidemiýa sebäpli 15 müň 74 adam ýogaldy, 284 müň 34 adam hem hasaba alyndy. Prezident Hasan Ruhani, ýurtda koronawirusa garşy göreşde 2-nji tolkunyň başdan geçirilýändigini aýtdy. Prezident Ruhani, ykdysadyýetde iş ýerleriniň açylandygy sebäpli däl eýsem epidemiýa garşy düzgünleriň, görlen çäreleriň doly ýerine ýetirilmändigi üçin ikinji tolkunyň başdan geçirilýändigini nygtady. Hasan Ruhani “Halk, wirusyň täsiri azalandyr öýtdi. Toýdyr jynazalar sebäpli wirusa ýoluganlaryň sany köpeldi” diýdi.



Degişli Habarlar