Hindistanda koronawirusa ýoluganlaryň sany 1 million 78 müň adama ýetdi

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli şu günki güne çenli 26 müň 838 adam ýogaldy

1457738
Hindistanda koronawirusa ýoluganlaryň sany 1 million 78 müň adama ýetdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 605 müň 377 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 14 million 447 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 8 million 631 müň adamdan geçdi.

Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 543 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 26 müň 838 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 38 müň 902 adam artyp, 1 million 78 müň adama ýetdi.

Soňky 1 günde ýogalanlaryň sany 95 adam köpelip, 12 müň 342 adama ýeten Russiýada, ýene-de 6 müň 109 adamda Kovid-19-yň bardygy anyklanmagyndan soň, koronawirusa ýoluganlaryň sany 771 müň 546 adama ýetdi. 

Yrakda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 75 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 3 müň 691 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 müň 49 adam artyp, 90 müň 220 adama ýetdi.

Koronawirus sebäpli 14 müň 188 adam ýogalan we 273 müň 656 adamyň wirusa ýolugan Eýranda, Kovid-19-a garşy göreşiň çäginde konferensiýalar, seminarlar we islendik görnüşli maslahatlaryň geçirilmegi ýurdyň ähli ýerinde gadagan edildi.

Ysraýylda ýene-de 8 adamyň Kovid-19 sebäpli ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 400-e ýetdi, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 müň 745 adamyň artmagy bilen jemi 49 müň 204 adama ýetdi.

Kovid-19 sebäpli ýogalan we wirusa ýoluganlaryň sany Alžirde 68/22 müň 549 adam, Marokkoda 269/17 müň 15 adam, Iordaniýada 11/1 müň 214 adam, Liwanda 40/ 2 müň 775 adam, Tunisde 50/ 1 müň 348 adama ýetdi.

Afrika materiginde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 14 müň 922 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 700 müň adamdan geçdi. Iň köp adam ýitgisi takmynan 5 müň ýogalan adam bilen Günorta Afrikada bellige alyndy. Seýşel adalary, Eritreýa we Ugandada Kovid-19 sebäpli häzirki wagta çenli adam ýitgisi çekilmedi.

Wirusa ýoluganlaryň sany Günorta Afrika Respublikasynda  350 müň 879 adama, Müsürde 86 müň 474 adama, Nigeriýada bolsa 35 müň 454 adama ýetdi.

Afrika materiginde koronawirusa ýoluganlaryndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 369 müň 526 adama ýetdi.

Beýleki käbir ýurtlardaky adam ýitgileri şu aşakdaky ýaly: Pakistanda 5 müň 568 adam, Hytaýda 4 müň 634 adam, Indoneziýada 4 müň 16 adam, Bangladeşde 2 müň 618 adam, Saud Arabystanynda 2 müň 447 adam, Kuweýtde 407 adam, Gazagystanda 375 adam, BAE-de 338 adam, Omanda 308 adam we Katarda 154 adam. 



Degişli Habarlar