Eýranda elektrik desgasynda partlama boldy

Eýranyň Yspyhan şäherindäki elektrik tok desgasynda partlama boldy

1457778
Eýranda elektrik desgasynda partlama boldy

Eýranyň IRNA habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Yspyhan şäherindäki Yslamabad elektrik tok desgasynda partlama şu gün irden boldy. 

Transformatordaky näsazlyk sebäpli bolan partlamada adam ýitgisi çekilmedi we desganyň işleýşinede zyýan ýetmedi. 

Yslamabad elektrik tok desgasynyň Yspyhan şäherini dolulygyna tok bilen üpjün edýändigi habar berildi. 



Degişli Habarlar