Dünýäde Kovid-19 sebäpli adam ýitgileri dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 8 million 620 müň adamdan geçdi

1457634
Dünýäde Kovid-19 sebäpli adam ýitgileri dowam edýär

 

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 604 müň 960 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 14 million 429 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 8 million 620 müň adamdan geçdi.

Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 543 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 26 müň 816 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 38 müň 902 adam artyp, 1 million 77 müň 618 adama ýetdi.

Yrakda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 75 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 3 müň 691 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 müň 49 adam artyp, 90 müň 220 adama ýetdi.

Koronawirus sebäpli 13 müň 979 adam ýogalan we 271 müň 606 adamyň wirusa ýolugan Eýranda, Kovid-19-a garşy göreşiň çäginde konferensiýalar, seminarlar we islendik görnüşli maslahatlaryň geçirilmegi ýurdyň ähli ýerinde gadagan edildi.

Ysraýylda ýene-de 8 adamyň Kovid-19 sebäpli ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 400-e ýetdi, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 müň 745 adamyň artmagy bilen jemi 49 müň 204 adama ýetdi.

Kovid-19 sebäpli ýogalan we wirusa ýoluganlaryň sany Alžirde 68/22 müň 549 adam, Marokkoda 269/17 müň 15 adam, Iordaniýada 11/1 müň 214 adam, Liwanda 40/ 2 müň 775 adam, Tunisde 50/ 1 müň 348 adama ýetdi.

Afrika materiginde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 14 müň 922 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 700 müň adamdan geçdi. Iň köp adam ýitgisi takmynan 5 müň ýogalan adam bilen Günorta Afrikada bellige alyndy. Seýşel adalary, Eritreýa we Ugandada Kovid-19 sebäpli häzirki wagta çenli adam ýitgisi çekilmedi.

Wirusa ýoluganlaryň sany Günorta Afrika Respublikasynda  350 müň 879 adama, Müsürde 86 müň 474 adama, Nigeriýada bolsa 35 müň 454 adama ýetdi.

Afrika materiginde koronawirusa ýoluganlaryndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 369 müň 526 adama ýetdi.



Degişli Habarlar