Serbiýa bilen Kosowanyň arasyndaky gepleşikler 20 aý soň ýaňadandan başlady

Maslahatdan soň beýanat beren Wuçiç, taraplara çözgüt üçin amatly teklip hödürlenmändigini we gepleşikleriň dowam etjekdigini aýtdy

1456734
Serbiýa bilen Kosowanyň arasyndaky gepleşikler 20 aý soň ýaňadandan başlady

 

Serbiýa bilen Kosowanyň arasyndaky gepleşikler 20 aý soň ÝB-niň töwellaçylyk etmeginde ýaňadandan başlady

ÝB-niň daşary gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Borreliň  ýolbaşçylyk etmeginde Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirlen maslahata Serbiýanyň Prezidenti Aleksandar Wuçiç, Kosowanyň Premýer ministri Awdullah Hoti bilen ÝB-niň Belgrad-Priştina gepleşigi boýunça ýörite wekili Miroslaw Lažak gatnaşdy.

Bir sagat dowam eden maslahatdan soň beýanat beren Wuçiç, taraplara çözgüt üçin amatly teklip hödürlenmändigini we gepleşikleriň dowam etjekdigini aýtdy.

Kosowa, 2008-nji ýylda Serbiýadan aýrylyp bir taraply ýagdaýda garaşsyzlygyny yglan etsede Serbiýa şol ýurdy henizem öz territoriasy hökmünde görmäge dowam edýär.

Gatnaşyklaryň kadalaşmagy maksady bilen ÝB-niň töwellaçylyk etmeginde 2011-nji ýylda başlan gepleşikler soňky gezek 2018-nji ýylyň noýabr aýynda saklanypdy.



Degişli Habarlar