“Liwiýa Meselesi Parahatçylykly Ýollardan Çözülmeli”

Russiýa Liwiýa meselesine harby taýdan çözgüt tapylmandygyny, ähli düşnüşmezlikleriň gepleşik stolunyň başynda çözülmelidigini beýan etdi

1456766
“Liwiýa Meselesi Parahatçylykly Ýollardan Çözülmeli”

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Mariýa Zaharowa Liwiýanyň gündogaryndaky legal däl ýaragly güýçleriň lideri Halyf Haftaryň tarapynda durýan merkezi Tobrukda ýerleşýän Wekiller Mejlisiniň Müsüriň harby goşunlaryny ýurtdaky çaknyşyklara goşmak üçin karar kabul edendigini nygtap: “Liwiýa meselesiniň harby çözgüdi ýok, ähli meseleler we düşnüşmezlikler gepleşik stolunyň başynda çözülmeli” diýdi.

Zaharowa hepdelik metbugat ýygnagynda Liwiýadaky ýagdaýyň aladalandyryjydygyny beýan etdi.

Ýurduň gündogarynda merkezi Tobrukde ýerleşýän Wekiller Mejlisiniň Liwiýanyň hökümetiniň Türkiýeden goldaw almak üçin eden ýüztutmasyna garşy Müsüriň ýaragly güýçlerini Haftaryň ýanynda çaknyşyga goşulmaga höweslendirýän karar kabul edendigine ünsleri çeken Zaharowa, şeýlelikde çaknyşyklaryň günsaýyn halkara häsýete eýe bolma howpynyň artýandygyny aýtdy.

Mariýa Zaharowa: “Çaknyşýan taraplary şertleriň şertleriň agyrlaşmagyna ýol bermezlige, hüjümleriň gyssagly bes edilmegi üçin ylalaşmaga, BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň we Berlin Maslahatynyň kararlaryna laýyklykda syýasy dialogy başlatmaga çagyrýarys” diýdi.



Degişli Habarlar