Talibanly başbozarlar Owganystanyň Balh welaýatyna hüjüm guradylar

Wakada 5 adam ýogaldy

1456385
Talibanly başbozarlar Owganystanyň Balh welaýatyna hüjüm guradylar

Balh welaýatynyň Döwlet Abad etrabyna Talibana agza terrorçylaryň hüjüm guramagy netijesinde 5 howpsuzlyk gullukçysy ýogaldy. 

Balh welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Munir Ahmad Farhad, Talibanly başbozarlaryň Döwlet Abad etrabynyň merkezine hüjüm gurandygyny mälim etdi. 

Hüjümde 5 howpsyzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny, 2-siniň bolsa ýaralanandygyny aýdan Farhad, goşmaça harby güýjüň wakanyň bolan ýerine barmagy bilen başbozarlaryň yzyna serpikdirilendigini beýan etdi. 


Etiketkalar: #Taliban , #Owganystan , #Balh

Degişli Habarlar