Koronawirus sebäpli dünýä derejesinde ýogalanlaryň sany 566 müň 740 adamdan geçdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 7 milion 483 müň adamdan geçdi

1453528
Koronawirus sebäpli dünýä derejesinde ýogalanlaryň sany 566 müň 740 adamdan geçdi

 

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 566 müň 740 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 12 million 847 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 7 milion 483 müň adamdan geçdi.

Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 551 adamyň ýogalmagy bilen ýurtdaky adam ýitgisi 22 müň 674-e, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 28 müň 637 adam artyp, 849 müň 553 adama ýetdi.

Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany Alžirde 1004 adama, Ýemende 365 adama, Marokkoda 245 adama, Katarda 146 adama ýetdi.

Koronawirus sebäpli 50 adamyň ýogalan Tunisde, ýene-de 5 adamyň wirusa ýolukmagy bilen, jemi ýoluganlaryň sany 1245 adama ýetdi.

Epidemiýa sebäpli 10 adamyň ýogalan Iordaniýada, ýene-de 3 adamyň wirusa ýolukmagy bilen koronawirusa ýoluganlaryň sany 1 müň 176 adama ýetdi.

BAE-de Kovid-19 sebäpli 331 adam ýogaldy. Täze hasaba alynan 403 adam bilen birlikde, wirusa ýoluganlaryň sany 54 müň 453 adama ýetdi.

36 adam ýogalan Liwanda, ýene-de 86 adamyň wirusa ýolukmagy bilen koronawirusa ýoluganlaryň sany 2 müň 168 adama ýetdi.


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar