Putin bilen Abbas Palestina meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Palestinanyň Döwlet baştutany Mahmud Abbas bilen Palestina meselesini ara alyp maslahatlaşdy

1451554
Putin bilen Abbas Palestina meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

Kreml tarapyndan berilen ýazmça beýanatda, Putiniň Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi aýan edildi. 

Beýanatda Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ele alynandygy aýdylýan telefon söhbetdeşliginde: "Rus tarapy, häzirki halkara hukuk ulgamynyň çäginde Palestina-Ysraýyl meselesiniň adalatly we hemişelik çözgüdiň goldanmagy baradaky esasly pozisiýasyny tassyklady. Şol çäkde, palestinalylaryň arasyndaky jebisligiň güýçlendirilmeginiň möhümdigi aýratyn bellenip geçildi" diýip habar berildi. 

Putin bilen Abbasyň, Palestinanyň Beýtüllahim şäherinde şu ýylyň ýanwar aýynda duşuşyk geçirendigi ýatladylan beýanatda: "Beýtüllahim şäherinde gazanylan ylalaşyklaryň ünsden düşürilmezligi we Russiýa bilen Palestinanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk bilen baglanşykly gün tertibiniň ileri tutulýan meseleler maslahatlaşyldy" diýip mälim edildi. 

Beýanatda iki lideriň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde aragatnaşygyň dowam etdirilmegi babatynda ylalaşyk gazanylandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar