Nemes halk deputatlary Türkiýe bilen syýahatçylygyň kadalaşmagyny isleýär

Germaniýanyň syýahatçylyk çäklendirmesiniň ýakyn gelejekde aýrylmagyna garaşylýar

1450561
Nemes halk deputatlary Türkiýe bilen syýahatçylygyň kadalaşmagyny isleýär

Germaniýada häkimiýet başyndaky koalision partiýalarynyň daşary syýasat boýunça resmileri Türkiýe bilen syýahatçylyk gatnaşyklarynyň kadalaşmagy üçin geçirilýän gepleşikleri goldady.

Sosial demokrat partiýanyň Mejlisdäki toparynyň Daşary syýasat boýunça resmisi Nils Şmid, Hristiýan demokratik jebislik partiýasy bilen Hristiýan sosial jebislik partiýasynyň Mejlis toparlarynyň Daşary syýasat boýunça resmisi Žýurgen Hard bilen Adalat we ösüş partiýasynyň Başlygynyň orunbasary Jewdet Ýylmaz paýtagt Berlinde geçirilen maslahatda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça beýannama berdiler.

Germaniýanyň ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygynda ÝB-Türkiýe gatnaşyklarynyň ösdürilmegini tama edýandigini beýan eden Sosial jebislik partiýasynyň halk deputaty Şmid koronawirusa garşy göreşde üstünlik gazanylmagyndan soň ýakyn geljekde Germaniýanyň syýahat çäklendirmesini bes etmegine garaşýandygyny aýtdy.

Şmid: “Biz şu tomus Türkiýä syýahat ederis diýip tama edýäris. Belki birnäçe hepdäniň dowamynda syýahat çäklendirmesinde käbir özgertmeler bolar we men hem goşumy taýarlap giderin” diýdi.

Hristiýan jebislik partiýalarynyň Mejlis toparynyň Daşary syýasat boýunça resmisi Hard bolsa, Türkiýe bilen Germaniýanyň arasynda syýahatçylyk pudagynda dowam edýän gepleşiklerden umytlydygyna ünsi çekip: “Eger Germaniýa bilen Türkiýäniň arasyndaky syýahat çäklendirmelerini gowşatmagyň ýoluny tapyp bilsek, ol hem Germaniýadaky ýüzlerçe müň türk üçin hem-de adaty şertlerde Türkiýede dynç alýan ýüzlerçe müň nemes üçin amatly bolar” diýdi.

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň Orunbasary Ýylmaz hem Germaniýa ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygynda üstünlik arzuw edip: “Men bu tapgyrda ÝB bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösjekdigine ynanýaryn” diýdi.

 



Degişli Habarlar