ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 133 müň 41 adama ýetdi

Dünýäde koronawirus epidemiýasyndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany 6 million 775 müň adamdan geçdi

1450786
ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 133 müň 41 adama ýetdi

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli dünýäde ýogalan adamlaryň sany 541 müň 750-den, wirusa ýoluganlaryň sany 11 million 779 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany bolsa 6 million 775 müň adamdan geçdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 133 müň 41 adam ýogalan, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 3 million 41 müň 950 adama ýeten ABŞ-da, maska dakmaklygyň milli derejede mejbury ýagdaýa getirilmejekdigi, bu karary ştatlaryň özleriniň kesgitlejekdigi beýan edildi. 

Epidemiýanyň dünýäde iň köp zyýan ýetiren 2-nji ýurdy bolan Braziliýada koronawirus sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 620 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky Kovid-19 sebäpli adam ýitgisi 65 müň 487-ä, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 20 müň 229 adam artyp, 623 müň 284 adama ýetdi. 

Meksikada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 480 adam artyp, 31 müň 119 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 4 müň 902 adam artyp, 261 müň 750 adama ýetdi.

Epidemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada, soňky 24 sagatda ýene-de 16 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 44 müň 236 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 352 adam artyp, 285 müň 768 adama ýetdi. 

Italiýada soňky 24 sagatda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 8 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 34 müň 869-a ýetdi. 

Fransiýada epidemiýa sebäpli soňky 3 günde 27 adamyň ýogalmagy bilen, adam ýitgisi 29 müň 920-ä, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa soňky 24 sagatda 176 adamlyk artyş bilen 203 müň 487 adama ýetdi. 

Ispaniýada epidemiýa sebäpli ýogalan adamlaryň sany 28 müň 388 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 178 adamlyk artyş bilen 251 müň 789 adama ýetdi. Ýurdyň 47 aýry ýerinde Kovid-19-yň 2-nji tolkunynyň başlandygy anyklandy. 

Koronawirus sebäpli adam ýitgisi 9 müň 774 adama ýeten Belgiýada, wirusa ýoluganlaryň sany 62 müň 58 adama ýetdi. 

Argentinada Kovid-19 sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 75 adamyň ýogalmagy bilen birlikde, ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany şeýlelik bilen 1 müň 582 adama ýetdi. 3 aýdan gowrak wagt bäri karantin düzgüni berjaý edilýän ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany 2 müň 632 adam artyp, 80 müň 447 adama ýetdi. 

Awstraliýanyň Melburn şäherinde ýene-de 191 adamyň Kovid-19 testi položitel çykmagy sebäpli ýurtda 6 hepde dowam etjek köçä çykmak gadagançylygy girizildi. Awstraliýada Kovid-19 sebäpli jemi 106 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 8 müň 755 adama ýetdi. 

 



Degişli Habarlar