Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Liwiýa guran saparyndan soň düýn Malta bardy

Hulusi Akar saparynyň çäginde Maltadaky türk şehitligine baryp gül desselerini goýdy

1449158
Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Liwiýa guran saparyndan soň düýn Malta bardy

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar bilen Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler, Liwiýa guran saparyndan soň düýn Malta bardy.

Maltanyň Daşary işler we Ýewropa işleri ministri Ewarist Bartola bilen duşuşan Hulusi Akara, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Güler hem ýoldaşlyk etdi.

Duşuşyga Türkiýäniň Maltadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kerem Kyratly hem gatnaşdy.

Hulusi Akar saparynyň çäginde Maltanyň Içeri işler ministri Byron Kamilleri bilen hem duşuşdy.

Duşuşykdan soň iki ministr toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Toparara gepleşiklere Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler bilen Maltanyň Baş ştabynyň başlygy Kurmi hem gatnaşdy.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar saparynyň çäginde Maltadaky türk şehitligine baryp gül desselerini goýdy.



Degişli Habarlar