Ýaponiýanyň Kumamoto welaýatynda sil sebäpli 2 adam ýogaldy

Aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen silde 2 adamyň ýogalandygy, 8 adamyň ýitendigi nygtalýar

1448880
Ýaponiýanyň Kumamoto welaýatynda sil sebäpli 2 adam ýogaldy

 

Milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli Kumamoto welaýatynda Kuma derýasy daşdy.

Derýanyň daşmagy netijesinde ýeriň süýşendigi, agaçlaryň ýykylandygy habar berildi.

Aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen silde 2 adamyň ýogalandygy, 8 adamyň ýitendigi nygtalýar.

Kumamoto we Kagoşima welaýatynda apat sebäpli 203 müň adamyň apat zolagyndan çetde durmaklary üçin çagyryş berildi. Otly saparlary saklandy.

Premýer ministr Şinzo Abe, Ministrler kabinetiniň mejlisinde Kumamoto welaýatyna gyssagly kömegiň berilmegi we sebite goşmaça halas ediş toparynyň ugradylmagy barada görkezme berdi.



Degişli Habarlar