Liwiýanyň Premýer ministri Italiýada saparda bolýar

Italiýanyň Premýer ministri Konte, Liwiýanyň Premýer ministri Faýiz As Serraj bilen duşuşdy

1444491
Liwiýanyň Premýer ministri Italiýada saparda bolýar

 

Italiýanyň Premýer ministri Konte, ýurdunda saparda bolýan Liwiýanyň Premýer ministri Faýiz As Serraj bilen duşuşdy.

Italiýanyň Premýer ministrliginden duşuşyk baradaberlen ýazmaça beýanatda, iki lideriň ýurtda durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin syýasy etabyň başlamagy meselesini ara alyp maslahatlaşandygy nygtaldy.

Duşuşyk barada Liwiýadan berlen ýazmaça beýanatda, iki lideriň Liwiýa krizisiniň harby däl eýsem BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň we Berlin konferensiýasynyň kararlarynyň çäginde syýasy taýdan çözülmegi barada pikir alyşandygy bellenildi.

Beýanatda duşuşykda, iki ýurduň arasynda italiýaly firmalaryň Liwiýada durmuşa geçirýän işlerini dowam etdirmegi üçin ýörite komitetiň döredilmegi we Italiýanyň Liwiýadaky mina saplaýyş işlerine goldaw berilmegi meselesiniň hem gün tertibine getirlendigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar