“Maduro bilen duşuşup bilerin”

Prezident Tramp, ýurdy bilen Wenesuelanyň arasyndaky dartgynlyk hakynda durup geçdi

1440813
“Maduro bilen duşuşup bilerin”

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Madurynyň özi bilen duşuşmk isleýändigini nygtap “Maduro duşuşmak isleýär we men hem duşuşyklara garşy däl. Umuman alnan duşuşyk tekliplerini kabul edýärin”diýdi.

Axios kanalyna beýanat beren Prezident Tramp, ýurdy bilen Wenesuelanyň arasyndaky dartgynlyk hakynda durup geçdi.

Tramp, Milli howpsyzlyk boýunça ozalky kömekçisi Jon Boltonyň goldaw bermeginde Wenesuelada özüni wagtlaýyn prezident yglan eden Huan Guaýdo bilen haýsydyr bir ýakyn gatnaşygynyň bolmandygyny nygtady.

Tramp“Onuň bilen hem bolar onsuz hem. Emma men Wenesuelada başdan geçirilýän wakalara garşy” diýdi.

Guaýdonyň saýlanandygyny emma özüniň oňa oňyn garamaýandygyny nygtan Tramp “Käbir adamlar halaýar, käbiri bolsa halamaýar” diýdi.



Degişli Habarlar