NATO koronawirusda 2-nji tolkun ähtimallygyna garşy taýarlanýar

NATO, koronawirusda 2-nji tolkuna garşy operasiýa meýilnamasyny kabul etdi

1439138
NATO koronawirusda 2-nji tolkun ähtimallygyna garşy taýarlanýar

 

NATO, koronawirusda 2-nji tolkuna garşy operasiýa meýilnamasyny kabul etdi.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg “NATO 2-nji tolkun ähtimallygyna garşy taýarlanýar. Goranmak ministrleri täze operasiýa meýilnamasy we lukmançylyk enjamlary meselesinde ylalaşyk gazandy” diýdi

Stoltenberg, wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän we 2 günden bäri dowam edýän goranamak ministrleriniň maslahaty barada metbugata beýanat berdi.

Stoltenberg gurama agza ýurtlaryň goranmak ministrleriniň maslahatynyň ikinji oturlyşygynda Kovid-19 epidemiýasynda 2-nji tolkun ähtimallygyna garşy taýarlyk meýilnamasynyň ara alyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Saglygy goraýyş işgärleriniň epidemiýada 2-nji tolkuna garşy duýdyryş berýändigini ýatladan Stoltenberg, saglyk krizisiniň howpsyzlyk krizisine öwrilmeginiň öňüniň alynmalydygyna ünsi çekdi.


Etiketkalar: #taýarlyk , #koronawirus , #NATO

Degişli Habarlar