Rasulaýnda ulaga goýlan bombanyň ýarylmagy sebäpli asuda ilatdan 2 adam ýogaldy

“Bäbejikleriň ganhory bu gezek Rasulaýnda bazar ýerine guran bombaly hüjümleri bilen asuda ilatdan 8 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy”

1430587
Rasulaýnda ulaga goýlan bombanyň ýarylmagy sebäpli asuda ilatdan 2 adam ýogaldy

 

“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen terrordan saplanan Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Rasulaýn şäherinde ulaga goýlan bombanyň ýarylmagy sebäpli asuda ilatdan 2 adam ýogaldy.

Bombaly hüjümde 5 adam hem ýaralandy.

Howpsyzlyk güýçleri hüjümiň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny öňe sürýär.

ÝPG/PKK-nyň bazar ýerine guran bombaly hüjüminde bolsa 8 adam ýaralandy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, terror guramasynyň hyýanatçylykly hüjümlerini dowam edirýändigi nygtaldy.

Beýanatda “Bäbejikleriň ganhory bu gezek Rasulaýnda bazar ýerine guran bombaly hüjümleri bilen asuda ilatdan 8 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy” diýildi.

 



Degişli Habarlar