Owganystanda polisiýa işgärlerine garşy hüjüm guraldy

Wakada 11 adam ýogaldy

1430823
Owganystanda polisiýa işgärlerine garşy hüjüm guraldy

Owganystanyň Badahşan welaýatynyň Haş etrabynda guralan bombaly hüjümde 11 polisiýa işgäri ýogaldy.

Badahşan welaýatynyň Içeri işler edarasynyň metbugat sekretary Sanaullah Ruhani metbugata beren beýanatynda, Haş etrabynyň Durhan diýilen ýerinde ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň, polisiýa işgärleriniň şol ýerde geçýän mahaly partladylandygyny habar berdi. 

Hüjümde Polisiýa gullugynyň 11 işgäriniň ýogalandygyny aýdan Ruhani, hüjümiň jogapkäriniň Talibandygyny mälim etdi. 

Taliban tarapyndan bolsa hadysa bilen bagly beýanat berilmedi. 



Degişli Habarlar