Russiýa Asada tabynlykdaky güýçlere MIG-29 kysymly harby uçarlary berdi
Russiýanyň Siriýadaky ilçihanasy, Başar Asada tabynlykdaky güýçlere täze göenüş MIG-29 kysymly harby uçarlarynyň berilendigini habar berdi
Russiýanyň Siriýadaky ilçihanasy, sosial media hasaby Twitterden beren beýanatynda, Russiýa bilen Başar Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň arasyndaky harby we tehniki hyzmatdaşlygyň çäginde, Asada tabynlykdaky güýçleriň döwrebap MIG-29 harby uçarlarynyň 2-nji toparynyň Russiýadan alandygy aýan edildi.
Siriýanyň hökümetine degişli SANA habarlar agentliginiň 30-njy maýda harby çeşmä esaslanyp beren habarynda, Asada tabynlykdaky güýçleriň Russiýa Federasiýasyndan döwrebap MIG-29 kysymly harby uçarlary alandygy we uçarlaryň şu aýyň başyndan başlap Siriýanyň howa giňişliginde uçuşlar amala aşyrmaga başlajakdygy habar berilipdi.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.