Somalide bombaly hüjüm guraldy

Hadysada ilkinji kesgitlemelere görä 10 adam ýogaldy

1426839
Somalide bombaly hüjüm guraldy

Somalide köpçülikleýin transport serişdesiniň nyşana alynyp guralan bombaly hüjümde 10 adam ýogaldy, 13 adam ýaralandy. 

Ýurdyň Aşakgy Şebelle sebitiniň Polisiýa gullugynyň resmisi Husseýin Abdi Ali, asuda ilaty daşaýan mikrowatobusda bombalyň hüjümiň guralandygyny habar berdi. 

Ali hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 10 adamyň ýogalandygyny, 13 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan bolmady, emma terror guramasy Aş-Şebab, sebitde ýygy-ýygydan howpsyzlyk güýçlerini we asuda ilaty nyşana alyp hüjüm guraýar. 

Hüjümden soň ýurdyň goşuny, Aşakgy Şebelle sebitinde geçiren operasiýasynda terror guramasy Aş-Şebabyň 18 agzasyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. 


Etiketkalar: #Aş Şebab , #hüjüm , #Somali

Degişli Habarlar