Germaniýa Türkiýä sagbolsun aýtdy

Germaniýa raýatlarynyň ýurda getirilmegine goldaw beren Türkiýä sagbolsun aýtdy

1426302
Germaniýa Türkiýä sagbolsun aýtdy

Germaniýanyň Daşary işler miistrligine degişli “Dartgynlyga Reaksiýa Merkeziniň” twitter hasabyndan berilen habarnamada; “Daşary işler ministrligi türk kärdeşlerine Perudaky we Kolumbiýadaky goldawlary hem-de hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirýäris. Şonuň netijesinde 100-den gowrak nemes ýurdumyza geldi. Sagboluň” diýilýär.

Türk howaýollaryna degişli uçaryň Bogotadan we Limadan alan nemes raýatlaryny Frankfurta alyp gidendigi habar berildi.

Beýleki tarapdan Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň Türkiýe bölüminiň resmileriniň hem Türkiýäniň Germaniýadaky İlçihanasyna telefon edip, sagbolsun aýdandyklary habar berildi.

Kolumbiýadan we Perudan alynyp gidilen ÝB-niň 258 raýatynyň arasynda Fransiýanyň, Çehiýanyň, Portugaliýanyň, Şweýsariýanyň, Awstriýanyň, Finlandiýanyň, Bolgariýanyň, İspaniýanyň, Şwesiýanyň, Norwegiýanyň, Polşanyň, Italiýanyň raýatlarynyň bardygy habar berildi.



Degişli Habarlar