Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Dünýäde Kovid-19-a ýolugyp, soň bolsa saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 2 million 713 müň adamdan geçdi

1426408
Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 370 müň adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 6 million 112 müň adamdan, Kovid-19-a ýolugyp, soň bolsa saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 2 million 713 müň adamdan geçdi. 

Kororawirus sebäpli soňky 24 sagatda Müsürde 34, Günorta Afrikada 32, Alžirde 8, Kamerunda 8, Malide 3, Marokkoda 2, Jibutide 2, Ganada, Senegalda, Somalide, Keniýada, Sýerra-Leonede we Madagaskarda her birinde 1 adam ýogaldy.

Şeýlelik bilen Afrika materiginde koronawirus epidemiýasy jemi adam ýitgisi 4 müň 40-e ýetdi. Afrika materiginde wirusa ýoluganlaryň sany 142 müň 306 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 60 müň 153 adama ýetdi. Eritreýa, Lesoto, Namibiýa, Ruanda, Seýşel adalary we Uganda ýaly Afrika ýurtlarynda häzirki wagta çenli koronawirus epidemiýasy hasaba alynmady. 



Degişli Habarlar