Eýranda konsenwator syýasatçy Muhammed Bakyr Kalibaf Mejlisiniň başlyklygyna saýlandy

Muhammed Bakyr Kalibaf 230 ses bilen Mejlisiň başlyklygyna saýlandy

1425260
Eýranda konsenwator syýasatçy  Muhammed Bakyr Kalibaf  Mejlisiniň başlyklygyna saýlandy

 

Eýranyň Mejlisiniň başlyklygyna konsenwator syýasatçy halky deputaty Muhammed Bakyr Kalibaf saýlandy.

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Eýranda Mejlisiň Baş Assambleýasynda  Mejlisiň başlygynyň saýlanmagy üçn geçirlen saýlawda konsenwatorlara ýakynlygy bilen tanalýan Muhammed Bakyr Kalibaf, Tähran halk deputary Mustafa Mirselim we Kazirun halk deputaty Feridun Abbasy bäsleşdi.

Muhammed Bakyr Kalibaf 267 halk deputatynyň gatnaşmagynda geçirlen saýlawda 230 ses bilen Mejlisiň başlyklygyna saýlandy.

Dalaşgärlerden Mirselim 12 ses we Abbasy bolsa 17 ses aldy.

Eýranda fewral aýynda geçirlen saýlawlarda konsenwatorlar Mejlisde esasy köplüge eýe bolupdy.

Eýranda umumy saýlawlar 4 ýyldan bir gezek geçirilýär. Mejlisiň başlygy bolsa ýylda 1 gezek saýlanýar.



Degişli Habarlar