Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 350 müň adamdan geçdi

ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 100 müň, wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 710 müň adamdan geçdi

1424072
Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 350 müň adamdan geçdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 350 müň, wirusa ýoluganlaryň sany 5 million 650 müň, wirusy ýeňenleriň sany bolsa 2 million 450 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 100 müň, wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 710 müň adamdan geçdi. Hepdäniň ahyrynda bellenilip geçiljek “Hatyralama çäresi” sebäpli şol sanyň has-da artyp biljekdigi barada duýduryş berdildi.

Epidemiýanyň Ýewropadaky merkezine öwrülen Britaniýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany resmi görkezijilere görä 37 müň adamdan geçdi, emma şol sanynyň 47 müň 343 adama ýetendigi öňe sürülýär.

Italiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 78 adam artyp 32 müň 955 adama ýetdi, hasaba alynanlaryň sany bolsa 2 müň 358 adam azalyp 52 müň 942 adama çenli aşaklady.

Fransiýada Kowid-19 sebäpli soňky 24 sagatda 83 adam ýogaldy. Epidemiýa sebäpli garrylar öýlerinde ýogalanlar bilen birlikde ýurtda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 28 müň 530 adama ýetdi. Wirusa ýoluganlaryň sany 520 adam artyp 219 müň 957 adama ýetdi.

Ispaniýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 27 müň 117 adama ýetdi. Ýurtda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň hormatyna şu günden başlap 10 günlük milli ýas yglan edildi we baýdaklar ýarysyna çenli aşakladyldy.

Gollandiýada Kovid-19 sebäpli 5 müň 856 adam ýogaldy, hasaba alynanlaryň sany soňky 24 sagatda 10 adam artyp 11 müň 690 adama ýetdi.


Etiketkalar: #Kovid-19 , #koronawirus , #ABŞ

Degişli Habarlar